HIMIÝA SAPAGYNDAN HOWPSUZLYK DÜZGÜNLERI

HIMIÝA OTAGYNDAKY ENJAMLAR BILEN IŞLÄNDE
ZÄHMET HOWPSUZLYK KADALARY BILEN TANYŞMAK.
1. Tejribehanada her bir tejribe işini ýerine ýetirmäge başlamazdan ozal onuň
ýazgysy bilen tanşyp, tejribäni geçirmegiň maksadyna, onuň ýerine ýetirlişiniň
düzgünlerine we tertibine düşünmek gerekdir. Her bir işiň ýerine ýetirlişi boýun-
ça tehniki howpsuzlyk çäreleriniň düzgünlerini gyşarnyksyz berjaý etmek zerur-
dyr.
2. Tejribe işleriniň geçirilýän ýerinde arassaçylygy we tertibi saklamak zerurdyr.
Şonda geçirilýän ýerde, hut şu geçiryän işiňize gerek bolmadyk beýleki en-
jamlary we himiki maddalary saklamaly däl. Ol ýere kitap, depder, eginbaş ýaly
zatlary taşlaşdyrmaly däl.
3. Himiki gaplar bilen seresaply çemeleşmegi başarmaly we işi geçirip bola-
nyňyzdan soň ulanylan gaplary suw bilen ýuwup arassalap goýmaly.
4. Gyzgyn enjamlary we gaplary goýmak üçin, ýörite olaryň aşagyna düşelýän
zatlaryna ýer taýýarlamaly. Gyzgyn enjamlary daşyndan tanap bolmaýar, şonuň
üçin ilki olary sowadyp, soňra ulanmaly.
5. El ýuwulýan ýerde ulanylan suwy äkidijiler içine ulanylan kagyzlary, ot-
luçöpi, we beýleky gaty galan-gaçan zatlary taşlamaly l. Olaryň ýörite taşlan-
ýan ýeri (gaby) bolmaly.
6. Kislotalaryň we aşgarlaryň goýy erginlerini el ýuwulýan ýerde ulanylan suwy
äkidijileriň içine däl-de, eýsem çekiji şkafda ýerleşdirilen ýörite gaba guýup, bita-
raplaşdyrmaly.
7. Işi geçirip gutaranyňyzdan soň, işiň geçirilen ýerini oňatja arassalamaly we
ulanylan enjamlary tertipleşdirip, ýerli-ýerine goýmaly. Tejribe otagyndan çyka-
nyňyzda gazyň we suwuň ýapylandygyna we elektrik togunyň öçürilendigine göz
ýetirmeli .
Himiýa otagynda geçirilýän tejribelerde ulanylýan gurallar bilen
tanyşmak we olaryň ulanylyş usullaryny öwrenmek.
1. Tejribehana saklaýjysy (ştatiwi) bilen işlemek.
Saklaýjy tejribe işleri geçirilende ulanylýan gap-
lary we enjamlary belli bir tertipde saklamak üçin ula-
nylýar. Saklaýjy (ştatiw) çoýundan ýasalan esasdan
we polat sütünden ybarat bolup, şol sütüne polatdan
ýasalan halkalar we tutguçlar berkidilendir. Şol hal-
kalaryň we tutguçlaryň berkidijileriniň megi bilen
himiki gaplary we enjamlary bize gerek bolan dürli
ýagdaýlarda berkidip we sazlap bolýar. Probirkany,
ýa-da kolbany saklamak gerek bolsa, onda ilki bilen
şol berkidijileri gowşatmaly. Soňra tutýan çüýşe gap-
larymyz döwülmez ýaly, tutgujyň tutýan ýerine (pro-
birkanyň daşyna) bir bölek eplenen kagyzy orap ber-
kidilýär. Halkanyň üstünde kolba oturdylanda ol döwülmez ýaly, halkanyň daşy-
na bir bölek rezin turbajygy geýdirilýär, ýa-da ýelmeşýän kagyz oralýar.
2. Gyzdyryjy enjamlar bilen işlemek.
Tejribe otagynda spirt çyrasy, gury spirt, şem, gaz çyrasy we elektrik gyz-
dyryjy enjamlary giňden peýdalanylýar. Olar bilen işlenilende gyzdyrylýan gapla-
ryň we enjamlaryň çüýşesiniň häsiýetlerini oňat bilmek zerurdyr. Eger-de çüýşe
gaplar gyzgyna çydamly bolsa, onda onuň böwründe dörtburç ýa-da tegelek ak
tegmil goýlandyr. Şol tegmiliň ýok ýagdaýynda çüýşe gaby açyk ýalynda gyz-
dyrmak bolmaýar. Ol oda çydamsyz çüýşeden ýasalandyr. Tegmili bolaýan ýag-
daýynda-da, ony gyzdyrylanda barybir seresap bolmak gerek. Gaplary gyzdyrmak
üçin ony asbest toruň üstünde ýerleşdirmeli we äşagyndan bolsa spirt, ýa-da gaz
çyrasy bilen gyzdyrmaly.
Spirt çyrasyna spirti guýgüjyň üsti bilen
onuň 2/3 bölegi dolýança guýulýar. Spirt çy-
rasynyň peltesi öllenenden soň otluçöpiň ýal-
ny bilen otlanýar. Seresap boluň, bir spirt çy-
rasyny beýleki spir çyrasy bilen otlamak bol-
maýar. Spirt çyrasy we gaz çyrasy öçürilen-
de üfläp öçürmek bolmaýar. Spirt çyrasyny
öçürmek üçin onuň gapagyny ýanyp duran
peltesiniň üstüne düňdermeli. Eger-de gapa-
gy ýok bolsa, onda oňa derek probirkany, ýa-
da bulgurjygy düňderseňiz hem bolýar.
Gaz çyrasyny otlamak üçin otluçöpi otlap, soňra gazyň kranyny açmaly.
Şonda ýanyp duran otluçöpi gazyň akymynyň gapdalyndan eltmeli. Gaz çyrasy
öçürilende üfläp öçürmek bolmaýar. Gaz çyrasyny öçürmek üçin gazyň gel-
ýän kranyny ýapmaly.
Spirt we gaz çyralarynyň ýalnynyň üç sany, ýagny
içki, ortaky we daşky bölekleri tapawutlandyrylýar.
Onuň dürli bölekleriniň temperaturasy dürlidir. Tempera-
turanyň iň ýokary ýeri ýalnyň ortaky bölegidir.
Gyzdyrmak işi geçirilende ýalnyň ortaky gatlagy-
nyň güýçli gyzdyrýandygyny ýatdan çykarmaň. Probir-
kany gyzdyrmak gerek bolanda, ony probirkanyň tut-
gujy bilen tutup, spirt çyrasynyň, ýa-da gaz çyrasyn
ýalnynyň üstünde aýlap durmaly. Şonda onuň agzy ýol-
daşlaryňyzyň işläp duran tarapyna garamaly däl.
3. Himiki maddalar bilen işlemek.
Tejribeleri ýerine ýetireniňizde birnäçe himiki mad-
dalar bilen iş salyşmaly bolarsyňyz. Himiki maddalar
dykysy jebis ýapylýan ýörite çüýşe, ýa-da plastmassa
gaplarda saklanýar. Maddalaryň erginleri bolsa, ýörite
dykysy jebis ýapylýan çüýşelerde saklanýar. Şol gaplardan himiki maddalary al-
mak gerek bolsa, onda olary eliň bilen tutmak bolmaýar. Gury maddalar susak bi-
len alynýar. Erginler beýleki gaplara guýup alynýar. Şonda haýsy gabyň gapagy-
ny açan bolsaňyz, ony şol gabyň öz gapagy bilen hem ýapmaly. Gapdan alnan
maddany, ýa-da ergini yzyna guýmak bolmaýar. Şonuň üçin olary alanyňyzda
göz çaky bilen, ýa-da mumkin boldugyça ölçäp alyň.
Himiki maddalary dadyp görmek bolmaýar.
Olaryň ysyny ysgamak gerek bolanda, gabyň ga-
pagyny açyp, onuň üstündäki buglaryny eliň bilen
burnuňa tarap kowmak bilen ysgalýar.
Eliňize ýa-da eginbaşyňyza güýçli kislotala-
ryň ýa-da aşgarlaryň goýy ergini degen halatyn-
da, şol ýeri arassa suwuň akymynda uzak do-
wamly ýuwmaly.
Tejribe işini gutaranyňyzdan soň galýan ga-
lyndy maddalary ýörite gaba toplamaly. guta-
randan soň eliňi sabyn bilen ýuwmaly.
4. Çüýşe bilen işlemek.
Gazlar bilan baglanyşykly tejribeleri geçiri-
lende belli bir uzynlykda çüýşe turbajyk ýa-da
onuň egreldilen görnüşi zol-zol gerek bolýar. Çüý-
şe turbajygy dyka birikdirilende ony dykynyň ýo-
gyn tarapyndan, turbajygy çepe-saga towlap du-
rup birikdirilýär Şonda, mümkin boldugyça, eliňi dyka ýakyn tutmaly.
OKUWÇYLARA DUÇDYRYŞ.
Okuwçylar öýlerinde dürli hilli himiýa dersine degişli tejribeli
işleri amal etmek rugsat berilmeýär. Synp otagynda himiýa dersin-
de tejribe geçirilýän wagty himiki näsazlyklar ýüze çykan ýagda-
ýynda mugallyma habar bermeli we mugallymyň aýdanyna gulak
asmaly! Himiýa sapagynda näsazlyklar çykan ýagdaýynda okuwçy
meýletin mugallyma duýdyrmazdan hereket etmegi düýbinden
rugsat berilmeýär.
Döwletli etrabynyň 7-nji orta mekdebiniň ___”___” synp
okuwçylary.
20___-nji ýylyň ____________aýynyň___-i. ___-çäeýek.
T/b
Okuwçynyň familiýasy we ady,
atasynyň ady.
Tanyşdym
Goly
Bellik
1.
2.
3.
4.
5.
6.
7.
8.
9.
10.
11.
12.
13.
14.
15.
16.
17.
18.
19.
20.
21.
22.
23.
24.
25.
26.
27.
28.
29.
30.
31.
32.
33.
34.
35.
36.
37.
.
Ders mugallymy: S.Annakuliýew